Ï Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara we sergi guraldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara we sergi guraldy

view-icon 2593
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara we sergi guraldy

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zenan – gözellik nusgasy» atly baýramçylyk çäresi hem-de amaly-haşam işleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.

Bu dabara welaýatyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan zenanlaryň, «Ene mähri» diýlen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneleriň wekilleriniň, tejribeli medeniýet we sungat işgärleriniň, bilim, medeniýet, saglyk we beýleki ulgamlarda tapawutlanyp zähmet çekýän zenanlaryň, talyp we okuwçy ýaşlaryň gatnaşmaklary onuň täsirliligini has-da artdyrdy. 

Ýokary ruhubelentlige beslenip geçen çärä gatnaşyjylary muzeýiň girelgesinde Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp gyzlaryndan düzülen bagşylar topary bagtyýar zamanamyz, zenan dünýäsiniň gözellikleri, bahar paslynyň ajaýyplyklary baradaky aýdymlary bilen garşy aldylar. Soňra «Zenan – gözellik nusgasy» atly serginiň açylyş dabarasy geçirildi.

Bu ýerde çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda zenanlara goýulýan belent sarpa, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen milli mirasymyz, ýurdumyzda olary öwrenmek we nesillere geçirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada buýsanç bilen belläp geçdiler. Welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleriniň tagallasy bilen milli mirasymyzy, amaly-haşam işlerini şöhlelendirýän uly göwrümli sergi dabara gatnaşyjylarda aýratyn uly täsir galdyrdy. 

Dabaranyň dowamynda türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen milli mirasymyzyň görnüşleriniň taýýarlanyşy – haly dokamak, alaja işmek, keşde etmek, gurama guramak, gaýma gaýamak, zenan şaý-seplerini ýasamak boýunça ussatlyk sapaklarynyň geçirilmegi bu çäräniň mazmunyny has-da çuňlaşdyrdy. Ýeri gelende, bu özboluşly dabara «Halaç» çeper halyçylyk kärhanasynyň ussat halyçylarynyň wekilleriniň, Saýat etrabynyň ýaşuly zenanlardan ybarat «Çapak» folklor toparynyň agzalarynyň gatnaşandyklaryny we halyçylyk sungatynyň inçe syrlary, medeni mirasymyzyň mukaddeslikleri barada bu ýere ýygnananlara gyzykly gürrüňler berendiklerini belläp geçmek bolar. Täsirli geçen dabaradan soňra hem Halkara zenanlar güni mynasybetli guralan amaly-haşam işleriniň sergisini synlamaga gelýänleriň sanynyň köp bolmagy, onuň milli mirasymyzyň muşdaklarynda uly gyzyklanma döredýändigini subut edýär.