Ï «Ýaşlyk» teleýaýlymynda täze gepleşik ýaýlyma berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ýaşlyk» teleýaýlymynda täze gepleşik ýaýlyma berildi

view-icon 1874
«Ýaşlyk» teleýaýlymynda täze gepleşik ýaýlyma berildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda ýaşlaryň ýurduň ösüşine goşýan goşandyna berlen ýokary bahadan ylham alyp, onda beýan edilen öwüt-nesihatlary we pikirleri öz işlerinde ýol görkeziji edinýärler.

Şeýlelikde, sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölümi «Ýaşlyk» teleýaýlymynda «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek» ýaly täze kitabyň mazmuny we ruhy bilen uýgun gelýän birnäçe gepleşik taýýarlady.

Gepleşikleriň iki hepdede bir gezek ýaýlyma çykmagy meýilleşdirilýär, olaryň birinji goýberilişi eýýäm fewral aýynda telewizion ekranlaryna çykdy. Ýakynda Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalary merkezinde gurlan studiýada bilimdäki, işdäki we gündelik durmuşdaky wezipeleriňi netijeli çözmek üçin internetiň sowatly hem howpsuz ulanylmagyna bagyşlanan gepleşigiň ikinji bölüminiň ýazgysy amala aşyryldy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň müdiri Begmuhammet Meredowyň alyp baran söhbediniň barşynda Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň saýtyna iberilen ýaşlary gyzyklandyrýan soraglara bu bölümiň baş hünärmeni Serdar Gurbanmuhammedow we myhmanlar Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy Döwrangeldi Suhanow bilen institutyň talyby Durdygylyç Mergenow jogap berdi.

Duşuşyga gatnaşanlar mekdep okuw meýilnamasyndan sanly bilim almagyň mümkinçilikleri, ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam döretmek barada söhbet etdiler we zerur maglumatlary çalt tapmak üçin bilim portallaryndan we gözleg ulgamlaryndan nähili peýdalanmalydygyny düşündirdiler. Şunda, diňe bir sanlyja sekuntda internetden käbir maglumatlary tapmak däl, eýsem, öz işiňi gowulandyrmak üçinem maglumatlary dogry ulanmagy başarmagyň möhümdigi nygtaldy.