Ï Bahar buşlukçylary ýaş tebigatçylaryň obýektiwinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bahar buşlukçylary ýaş tebigatçylaryň obýektiwinde

view-icon 2252
Bahar buşlukçylary ýaş tebigatçylaryň obýektiwinde

Ýetip gelen bahar pasly tebigatyň oýanýan, söýgüli baýramlaryň bellenýän we ylhamyň joşýan wagtydyr. Türkmenistanyň «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň agzalary-da hut şeýle pikire gulluk edýärler.

Şonuň üçin-de olar «Bahar buşlukçylary ýaş tebigatçylaryň obýektiwinde» ady bilen fotobäsleşik yglan etdiler. Bu bäsleşik ýaş nesliň ünsüni Türkmenistanyň tebigatynyň gözelligine we dürlüligine çekmek, oňa aýawly garaýşy döretmek, baharyň ilkinji alamatlary barada bilimlerini artdyrmak, synlama endiklerini ösdürmäge we tebigy hadysalary öwrenmeklige döredijilikli çemeleşmä itergi bermäge gönükdirilendir.

Bäsleşige ýedi ýaşdan 18 ýaşa çenli çagalar we ýetginjekler çagyrylýar. Her adam diňe bir surat ibermelidir. Suratlar reňkli ýa-da ak-gara bolup biler. Ýöne suratlaryň hili gowy we 2024-nji ýylda Türkmenistanda düşürilen bolmaly; fotoşop ýa-da beýleki redaktorlar ulanylmaly däldir. Surat işlerine bolan hökmany talap olaryň asyl nusgada bolup, başgalaryň awtorlyk hukugyny bozmazlygydyr. Guramaçylar bäsleşige gatnaşýanlaryň suratlaryny öz maglumat materiallarynda ulanmak hukugyny saklap galýarlar.

Surat bäsleşigine gatnaşmak üçin ilkinji bahar güllerini, guşlary we baharyň beýleki alamatlaryny (gary erän ýerleri, çişen pyntyklary, akar çaýy) penjireden, öýüň/mekdebiň howlusynda, guş höwürtgelerini açyk tebigatda surata düşürmelidir. Soňra suratlary Instagram storis/ makalalarynda / ýazgylarynda çap etmeli, şeýle hem @yashtebigatchy, @ mirzoev.sergey-e ýazylmaly we #ВестникиВесны ýa-da # BaharBuşlukçylary diýip bellemelidir.

«Bahar buşlukçylary ýaş tebigatçylaryň obýektiwinde» atly surat bäsleşigine gatnaşmak üçin arzalar 2024-nji ýylyň 4-nji martyndan 16-njy apreline çenli kabul edilýär. Onuň netijeleri 2024-nji ýylyň 20-nji aprelinde jemlener. Baş baýrak – ms studio hünäri fotosurat studiýasyndan fotosessiýa bolar. Surat bäsleşigine gatnaşanlaryň hemmesine degişli şahadatnama berler.

Türkmenistanyň «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy ähli ýaş tebigatçylary bahar gözelliklerini surata düşürmäge we synlary oturan manzaralary paýlaşmaga çagyrýar.