Ï Zenanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlary gowşuryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Zenanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlary gowşuryldy

view-icon 2126
Zenanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlary gowşuryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen Halkara zenanlar güni mynasybetli ajaýyp zenanlarymyza 60 manat mukdarda pul sowgatlary gowşuryldy.

8-nji mart mynasybetli ministrliklerde, bölümlerde, bilim edaralarynda we guramalarda, eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalarda dabaralar geçirilýär. Zenanlary, gyzlary we eneleri hormatlamak dabaralary meşhur medeniýet hem-de sungat işgärleriniň konsertleri we çykyşlary bilen bilelikde guralýar.

Zenanlar barada aladalar, jemgyýetde olaryň ornuny ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda hakyky gender deňligini üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryndan biridir.

Häzirki wagtda zenanlarymyz maşgala ojagynyň eýesi, mähriban ene we çeper elli öý bikesi bolmak bilen birlikde döwletiň jemgyýetçilik-syýasy we ykdysady durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Olar ýolbaşçy wezipeleri eýeleýärler, ylymda, bilimde, lukmançylyk we döwletimiziň ähli pudaklarynda zähmet çekýärler.

Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen dabaralarda zenanlarymyz Türkmenistan Hökümetine aýratyn aladasy we Watan bähbidine öz ukyp-başarnygyny amal etmäge döredilen giň mümkinçilikler üçin hoşallyk sözlerini aýdýarlar.