Ï 4G aragatnaşygy Türkmenistanyň alys sebitlerinde-de elýeterlidir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

4G aragatnaşygy Türkmenistanyň alys sebitlerinde-de elýeterlidir

view-icon 1989
4G aragatnaşygy Türkmenistanyň alys sebitlerinde-de elýeterlidir

Ilaty ykjam aragatnaşyk we internet hyzmatlary bilen üpjün edýän «Türkmenaragatnaşyk» agentligi we «Altyn asyr» ýapyk paýdarlar jemgyýeti 4G ulgamynyň tutuş Türkmenistanda elýeterliligini artdyrýar.

Milli aragatnaşyk ulgamyny giňişleýin döwrebaplaşdyrmakda Ahal, Balkan, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda 4G geçiriji we kabul ediji enjamlary oturtmak boýunça meýilleşdirilen işler geçirildi. Hususan-da, ýokary tizlikli internet indi etraplarda we uzak obalarda hem elýeterlidir.

G ulgamy näme?

Iňlisçe «G» harpy «tapgyr» diýmegi aňladýar we öňündäki san bolsa radioaragatnaşyk tapgyrynyň belgisidir. 3G we 4G ykjam aragatnaşyk ölçegi düşünjesini kesgitleýän şertli belgidir.

3G bilen 4G-niň arasynda näme tapawut bar?

Ilki bilen, ol biri-birinden ykjam maglumatlary geçirmegiň tizligi bilen tapawutlanýarlar. Bu bolsa häzirki zaman smartfonlary we planşetleri ulanyjylar üçin möhüm şertdir. 4G ölçegi sekuntda 100 Mbit tizlige çenli aragatnaşyklaryň islegli tapgyrydyr, ol birnäçe sekuntda ykjam telefonyňyza gaty köp mukdarda maglumatlary göçürip almaga mümkinçilik berýär.

4G ulgamynyň esasy artykmaçlyklary:

Ýokary tizlikli internetden başga-da, dördünji tapgyr aragatnaşyk torunyň birnäçe artykmaçlygynyň arasynda ses aragatnaşygynyň hilini ýokarlanmagy, müşderi ýerini çalt üýtgedende tiz birikdirme ýaly mümkinçilikler bar. Mundan başga-da, 4G LTE ykjam internetini ulanyp, gigabaýt maglumatlary göçürip bolýar. Şeýle hem onda ýokary hilli wideolara syn edip, onlaýn tertipde aýdym-sazlary diňläp we ykjam ulgamlarda habarlaşyp bolýar.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öýjükli ulgamlaryň işleýşini we toruň kuwwatyny ýokarlandyrmak, häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we halkara tejribesini göz öňünde tutup berilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirýär.