Ï «Türki dünýäsiniň medeni mirasy we Türkmenistan» atly bäsleşige arzalar kabul edilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türki dünýäsiniň medeni mirasy we Türkmenistan» atly bäsleşige arzalar kabul edilýär

view-icon 3587
«Türki dünýäsiniň medeni mirasy we Türkmenistan» atly bäsleşige arzalar kabul edilýär

2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde ýaş suratkeşleriň «Türki dünýäsiniň medeni mirasy we Türkmenistan» atly halkara bäsleşigini geçirýär.

Oňa TÜRKSOÝ-a agza ýurtlardan 12-18 ýaş aralygyndaky ýaş suratkeşler, ugurdaş mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriň çeperçilik bölümleriniň okuwçylary we talyplary çagyrylýar. Bäsleşige diňe bellenen temadan filosofiki pikirleri beýan edýän özboluşly suratlar kabul edilýär. Arzada awtor surat, onuň ýordumy, ony döretmäge näme ylham berendigi barada kelam agyz söz ýazyp, belki-de, onuň gapdalyna goşgy goşup biler. Eseriň ozal neşir edilmedik, köpçülige ýetirilmedik, baýraklar ýa-da beýleki sylaglar almadyk awtorlyk iş bolmagy möhümdir.

Suratlar elektron poçta arkaly Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň tdcabest@gmail.com saýtyna ýa-da bäsleşigi bilelikde guraýjylaryň salgylaryna iberilmelidir. Işler arka tarapyna awtoryň tahallusy ýazylan, gowy skanirlenen (2-den 6 MB-a çenli, 300 dpi, JPEG ýa-da PDF) görnüşde kabul edilýär.

Arzalar 2024-nji ýylyň 1-nji martyndan 30-njy martyna çenli kabul edilýär. Bäsleşige gatnaşyjylaryň terjimehaly we beýleki maglumatlary (salgysy, telefon belgisi we ş.m.) arzalary türk, rus we iňlis dillerinde ýazylmalydyr.

Arzanyň ýanyna bäsleşige gatnaşjak adamyň doldurylan talapnamasy goşulmalydyr, ony TÜRKSOÝ-yň tyurksoj saýtyndan göçürip bolar. Awtora şahsy belgini ibermek bilen arzanyň bellige alnandygy tassyklanylýar. Bäsleşik iki tapgyrda geçirilýär. Birinji tapgyryň netijeleri 2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we TÜRKSOÝ-yň saýtlarynda çap ediler.

Ikinji tapgyry (jemleýji tapgyry) 2024-nji ýylyň 15-nji aprelinden 15-nji maýyna çenli TÜRKSOÝ-yň halkara emin agzalary geçirýärler. Ikinji tapgyryň netijeleri 2024-nji ýylyň 30-njy maýynda yglan ediler. Saýlanan eserleriň awtorlary baýrak almak üçin Aşgabada ýa-da Änew şäherine çagyrylar.

Finala çykan awtorlaryň eserleriniň ählisi «Türki dünýäsiniň medeni mirasy we Türkmenistan» katalog-albomyna goşular. Şeýle hem jemleýji tapgyra çykanlaryň we ýeňijileriň iň gowy suratlary Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we TÜRKSOÝ-nyň oflaýn sergileri üçin plastmassa afişa görnüşinde çap ediler.