Ï Türkmenistanyň Mejlisindäki duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Mejlisindäki duşuşyk

view-icon 1742

Şu gün paýtagtymyzda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň Awstriýanyň Parlamentiniň agzasy, “Awstriýa — Türkmenistan” parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ewa Ernst-Dziedziç bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparynyň işini işjeňleşdirmek, degişli komitetleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, wekiliýetleriň özara saparlaryny guramak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhman türkmen parlamentiniň işi hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gender deňligi, ýaşlar syýasaty, ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi we ekologiýa ýaly ugurlarda alyp barýan syýasaty bilen tanyşdyryldy.

Söhbetdeşler parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedigini, parlamentara dostluk toparynyň döredilmeginiň kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga ýardam berýändigini aýratyn bellediler. Türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Şeýle hem Mejlisde Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň agzalarynyň nobatdaky duşuşygy boldy. Duşuşykda kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak, daşky gurşawy goramakda täze çemeleşmeler, gender deňligini üpjün etmek, ýaşlaryň we zenan parlamentarileriň syýasy derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada durlup geçildi. Şeýle-de yzygiderli esasda geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekdäki ähmiýeti nygtaldy.