2024-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Duşenbedäki Ilçihanasy tarapyndan şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň hem-de 2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk maslahatynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Çärä Täjigistanda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, Duşenbe şäheriniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary, şeýle hem Ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar.
Birifingiň başynda Ilçi A.Goçmyradow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň 2024-nji ýyl üçin durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan meseleleri barada gürrüň berdi.
Bu ugurda ýurdumyzda 2023-nji ýylyň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan esasy wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilendigi bellenilip geçildi. Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti özüniň durnuklylygyny hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny äşgär görkezdi. «Akylly» Arkadag şäheri dabaraly ýagdaýda ulanylyşa girizildi, şeýle hem onuň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berildi.
Brifingiň barşynda oňa gatnaşyjylara «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçiriljek halkara derejesindäki çäreler dogrusynda giňişleýin maglumat berildi.
Çärä gatnaşyjylar Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň bellenilmeginiň aýratyn derwaýyslygyny nygtamak bilen, bu ugurda nusgawy türkmen şahyrynyň edebi mirasynyň ebedileşdirilmegine hem-de onuň döredijiliginiň halkara derejesinde giňden şöhlelendirilmegine gönükdirilen giň gerimli köp ugurly işleriň wajyplygyny nygtadylar.