2024-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynda 9-njy fewralda geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde, hem-de şu ýylyň 22 fewralynda geçirilen Tütrkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisiniň netijeleri barada brifing geçiridi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Çärä Pakistanyň dürli şäherlerinde we obalarynda ýaşaýan owgan türkmenleriniň diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň hal ýagdaýyny mundan beýläk hem gowulandyrmaga gönükdirilen «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyndan» gelip çykýan möhüm we giň gerimli işleriň durmuşa geçirmekde, ykdysadyýetiň netijeli işlemegini, önüm öndürijileriň düşewüntli bolmagyny, täze iş ýerleriniň döredilmegini amala aşyrmakda öňde goýulýan wezipeler bilen tanyşdylar. Şu nukdanazardan, brifinkde olaryň ählisiniň kanunçylyk tarapdan berkidelmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň tutýan orny barada hem bellenip geçildi.
Brifingiň dowamynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, ýylyň dowamynda halkara derejesinde beýik akyldar şahyrymyzyň 300 ýyllygynyň bellenilmegine bagyşlanan çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýeti barada pikir-alyşmalar geçirildi.
Brifingiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň 2-nji tapgyry bilen dowam etdiriljek “akylly şäher” konsepsiýasynyň esasynda gurulýan Arkadag şäheri barada ýorite wideofilm görkezildi.