2024-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda şu ýylyň 9-njy fewralynda geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň hem-de 22-nji fewralynda geçen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan tegelek stol guraldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Duşuşyga Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda möhüm döwlet ähmiýetli çäreleriň netijeleri barada çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, Berkarar döwletimiziň halkara derejesindäki at-abraýynyň barha artýandygyny, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli berkidilýändigini, medeni-ynsanperwer ulgamynyň giň gerim bilen ösýändigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» hem-de «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzda amala aşyrylýan möçberli işler barada aýratyn bellendi.
Duşuşyga gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýaşlara bildirýän ynamynyň Garaşsyz we Hemişelik Bitarap döwletimiziň aýdyň geljeginiň bähbitleri ugrunda döwrebap bilim we ylym almaga, döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýandygyny bellediler.