Ï Ženewada haýyr-sahawat guramasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ženewada haýyr-sahawat guramasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 2848
Ženewada haýyr-sahawat guramasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 7-nji martynda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili W.Hajiýewiň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanynda akkreditirlenen Halkara hristian haýyr-sahawat guramasynyň wekilleri bilen duşuşygy guraldy.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi web-saýtynda habar berilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda taraplar dünýäniň dürli künjeklerinde pes derejede ýaşaýan ilata ýardam bermäge gönükdirilen ynsanperwer taslamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň mümkinçilikleri bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu babatda, Guramanyň wekilleri Türkmenistanyň sebitde we tutuş dünýäde alyp barýan ynsanperwer syyasatyna, durmuşa geçirýän çärelerine ýokary baha berdiler.

2021-nji ýylda Türkmenistanda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny tarapyndan alnyp barylýan işleriň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi.

Bu Gaznanyň işi bilen has ýakyndan tanyşdyrmak üçin, duşuşygyň ahyrynda ýokarda agzalan haýyr-sahawat guramasynyň wekillerine degişli maglumatlar berildi.

Ýokarda agzalan halkara haýyr-sahawat guramasynyň dünýäniň 190-a golaý ýurdunda iş alyp barýandygy, şeýle hem bu gurama tarapynda diňe 2022-nji ýylyň dowamynda umumy bahasy 1 milliard 20 million ABŞ dollaryna barabar bolan jemi 3 692 sany ynsanperwer taslamasy durmuşa geçirilendigi barada bellemek zerurdyr.