Ï Resmi habar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2024-nji ýylyň 11-13-nji marty aralygynda Aşgabatda Türki Döwletler Guramasynyň Ýaşulular Geňeşiniň 15-nji mejlisi geçiriler

view-icon 7009

Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek we Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň 15-nji mejlisini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, degişli düzümlere 2024-nji ýylyň 11 — 13-nji marty aralygynda Aşgabat şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň 15-nji mejlisiniň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.