Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» VIII Moskwa Halkara sungat festiwalynyň guramaçylyk komiteti «Magtymguly Pyragynyň goşgularyna düzülen saz eserleri» atly kompozitorlar bäsleşigine arzalary kabul edip başlandygyny habar berdi. Iki tapgyrda geçýän bu bäsleşik bütin dünýä sazandalary üçin açykdyr.

Bäsleşik dünýä medeniýetiniň ajaýyp mirasyny tanatmaga, dürli saz ugurlarynda we žanrlarynda işleýän häzirki zaman kompozitorlarynyň döredijiligini wagyz etmäge, häzirki zaman ýerine ýetiriş repertuaryny baýlaşdyrmaga we XVIII asyryň beýik türkmen şahyry hem akyldary Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasyna ünsi çekmäge gönükdirilendir. Ol iň ajaýyp sahypalary Gündogaryň görnükli nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy tarapyndan ýazylan dünýä şygryýetiniň altyn gaznasy esasynda häzirki zaman akademiki wokal sazynyň ösmegine itergi bermek üçin niýetlenendir.

Ses we pianino ýa-da instrumental ansambl üçin öz akademiki eserlerini hödürlän islendik kompozitor, ýaşy çäklendirilmezden, bäsleşige çagyrylýar. Bäsleşigiň esasy şerti eseriň ilkinji gezek hödürlenmegidir.
Arzalar 2024-nji ýylyň 1-nji martyndan 2-nji awgustyna çenli kabul edilýär. Iň gowy eserler 2024-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň nota neşirleri we ses ýazgylary bölüminiň konsert zalynda «Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny» atly halkara ylmy we amaly konferensiýada hemmeler üçin açyk konsertde ýerine ýetirilip bilner. Şol ýerde-de ýeňijileriň bäsleşik eserleriniň nota ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy bolar.
Bäsleşige eminlik etmek üçin tanymal sungat işgärleri, kompozitorlar, sazşynaslar we Russiýadan hem Türkmenistandan wokal mugallymlary çagyryldy. Bäsleşigiň birinji we ikinji tapgyrlarynyň netijeleri «Dutaryň owazy» festiwalynyň saýtynda çap edilýär.