2024-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Er-Riýaddaky Ilçihanasynda 9-njy fewralda geçirilen Türkmenistanyň Minisrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň, şeýle-de 22-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Maslahata Saud Arabystanda ýaşaýan türkmen diasporasy gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi gatnaşyjylara möhüm meseleleri üstünlikli durmuşa geçirmekde “2024-nji ýylda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny”, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiň netijeli işleýändigini, haryt öndürijileriniň düşewüntliligini we halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze iş ýerleri döredilýändigini tanyşdyrdy.
Maslahatyň çäginde, gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitaby bilen tanyşdyryldy. Kitabyň möhümligi, aýratyn-da türkmen ýaşlaryny terbiýelemekdäki ähmiýeti bellendi.
Şeýle-de Türkmenistanda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi bilen bagly pikir alşyldy hem-de şu ýylyň dowamynda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanda birnäçe medeni we ylmy çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi mälim edildi.