Ï Resul Gylyjowyň döredijilik toparynyň baýramçylyk çykyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resul Gylyjowyň döredijilik toparynyň baýramçylyk çykyşy

view-icon 2587
Resul Gylyjowyň döredijilik toparynyň baýramçylyk çykyşy
camera-icon
Jeparguly Garaýew

8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli guralýan dabaraly çäreler paýtagtymyzdaky konsert meýdançalarynda dowam edýär.

Resul Gylyjowyň döredijilik toparynyň janköýerleri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýygnandylar. «Zenanlar üçin iň gowusy» A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän türkmen-rus mekdebiniň «Dostluk» çagalar hory bilen açylan konsert şeýle atlandyryldy.

Ýaş hor aýdymçylary enelere bagyşlanan üç aýdymy – «Eje – ilkinji söz», «Eje» we «Ejäniň ýylgyryşy» aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Bu aýdymlaryň näme hakyndadygyny olaryň atlaryndan hem bilmek bolýar: «Zenan mukaddes söz, zenan-ene bolsa üç esse mukaddesdir».

Konserti Maýsa Nyýazowa dowam etdi. Tomaşaçylaryň halaýan aýdymçysy Ýewgeniý Martynow «Guw wepalylygy» atly aýdymyny täsirli ýerine ýetirdi. Bu aýdymyň ajaýyp sözleri diňleýjileriň birnäçesiniň göz owalaryny ýaşdan doldurdy.

Döwran Şammyýew «Üýtgeşik» aýdymyny ýerine ýetirmek bilen tomaşaçylaryň keýpiniň üýtgemegine täsir etdi. Zaldaky ähli zenanlara öwgi hökmünde owadan bariton sesli Mansur Şaripow Arno Babajanýanyň «Gözellik şa zenany» atly aýdymyny aýtdy.

Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetiren «Mähirli we mylaýym ýyrtyjym» filmindäki wals zaly özüne çekiji jady bilen gurşady. Türkmenistanyň Döwlet hory, meşhur ABBA toparynyň «Mamma Mia! Medley» repertuaryndan aýdymy ýerine ýetirdi.

Konsertiň ahyrynda Anna Weliahmedowa, Dünýägözel Begaliýewa, Kakajan Hudaýberdiýew dagy tomaşaçylara baş egmek üçin sahna çykdylar. Aýdymçylar we sazandalar ussatlygy bilen zalda oturan her bir zenanyň özüne ähmiýetli, söýülýän we ajaýyp owadandygyna ynam döredip bildiler.