Ï «Altyn asyr» müşderiler üçin «Oraza» hyzmatyny işe girizdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Altyn asyr» müşderiler üçin «Oraza» hyzmatyny işe girizdi

view-icon 2382

Mukaddes Remezan aýynyň başlanmagy bilen baglanyşykly «Altyn asyr» TMCELL öýjükli aragatnaşyk operatory müşderiler üçin «Oraza» hyzmatyny ýola goýdy.

USSD tabşyrygy bilen hyzmaty işe girizip bolar. Her günüň agyz beklenýän we agzaçar wagty barada SMS habarlar mugt iberilýär.

Hyzmaty işe girizmek üçin müşderiler telefonda şu kodlary girizmeli:

*0870*1# – Aşgabat we Ahal welaýaty üçin;

*0870*2# – Balkan welaýaty üçin;

*0870*3# – Daşoguz welaýaty üçin;

*0870*4# – Mary welaýaty üçin;

*0870*5# – Lebap welaýaty üçin.

11-nji martda başlanan musulman ymmaty üçin bu mukaddes aý 9-njy aprele çenli dowam eder. 10-njy aprelde irden Baýram namazy okalar.