Ï Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çeper okaýyşlaryň «Söz älemi» bäsleşigi yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çeper okaýyşlaryň «Söz älemi» bäsleşigi yglan edildi

view-icon 3222
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çeper okaýyşlaryň «Söz älemi» bäsleşigi yglan edildi

Beýik dana şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çeper okaýyşlaryň «Söz älemi» halkara bäsleşigi Nury Halmämmedow adyndaky Dutaryň owazy VIII Moskwa halkara sungatlar festiwalynyň guramaçylyk komitetiniň howandarlygynda geçirilýär. 

Bilim guramalarynyň, goşmaça bilim edaralarynyň okuwçylary, döredijilik we sungat toparlarynyň, birleşikleriň, assosiasiýalaryň, çeperçilik akademiýalarynyň, teatr, çagalar we ýaşlar birleşikleriniň, medeniýet guramalarynyň, kitaphanalaryň we şulara meňzeşleriň wekilleri türkmen şahyrynyň goşgularyny we rus edebiýatynyň Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogara bagyşlanan eserlerini labyzly okamak üçin bäsleşige gatnaşyp bilerler. 

Halkara bäsleşik oňa gatnaşan ýurtlarda we Russiýa Federasiýasynyň Moskwadan alysda ýerleşýän sebitlerinde gönüden göni hem-de uzak aralykdan çykyşlar görnüşinde geçirilýär.

Bäsleşige gatnaşmaga arzalary we onuň ýanyna goşulýan resminamalary elektron görnüşde festival.sounds-of-dutar@mail.ru salga ibermeli.

Arzalar 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.

Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri barada has giňişleýin maglumatlar «Dutaryň owazy» saýtynda elýeterlidir.

Bäsleşigiň maksady Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wagyz etmek, Magtymgulynyň mirasy hem-de rus şahyrlarynyň Merkezi Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň medeniýetine bagyşlanan eserleri bilen tanyşdyrmak arkaly çagalaryň we ýaşlaryň okamak gözýetimini giňeltmekdir. 

Eminler toparyna Russiýa Federasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleri, teatr we kino artistleri, teatr ugrundan ylym berýän ýokary okuw mekdepleriniň professorlary, mugallymlary girýär.