Ï Daglardan aşýan owazlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daglardan aşýan owazlar

view-icon 393
Daglardan aşýan owazlar

Müňlerçe asyrlary arkasyna alyp, gojaman dünýä gojalmaga maý bermän, türkmen zenanynyň bezeg şaýlary ýaly zemini zerläp oturan Köýten daglarynyň goýny hakykatdan-da keremli.

Özüniň bimöçber baýlygy, gözelligi, täsinligi bilen at-owazasy alyslarda mälim bolan Köýtendagy keşt edip ýören jana melhem tämiz howasyna, bu daglaryň, bu ýerde bagty çüwüp mekan tutan daglylaryň owazyna gark bolmak, elbetde, pelegiň peşgeşi. Tebigat bilen ynsan sahawatynyň sazlaşyny görjek bolsaň syýahata çykmaly. Ynha, gözleriňi dokundyryp duran dag gözelligini synlap barşyma «how» diýseň «howuňy» birnäçe gezek gaýtalap duran daglaryň owazynyň sungat işgäriniň owazy bilen ruhy sazlaşygy barada oýlandym.

Mende beýle pikiriň döremeginiň sebäbi bolsa, Köýtendag etrap medeniýet bölüminiň Magdanly şäher medeniýet merkezinde hereket edýän dürli döredijilik toparlarynyň, bu ýerde zähmet çekýän medeniýet we sungat işgärleriniň sungat muşdaklaryny bendiläp bilýän çykyşlarynyň dag tebigaty, ynsan durmuşy, bagtyýar zamanamyz bilen baglanyşygy. Biz bu hakykatyň, şeýle hem bu medeniýet merkeziniň diňe bir etrap ýa-da welaýat boýunça däl, eýsem, döwlet derejesindäki şowly çykyşlarynyň syrlaryny bilmek üçin bu ýerde hereket edýän döredijilik toparlarynyň alyp barýan işleri bilen tanyşmaklygy makul bildik. Medeniýet merkezine bu ulgamda ýeterlik tejribesi bolan, aýdym sungaty boýunça kämillige gol beren Zuhra Almirowa ýolbaşçylyk edýär.

Merkeziň düzüminde «Magdan» folklor topary, «Älemgoşar» çagalar döredijilik topary, şeýle hem «Saýrak bilbiller» aýdym we suratkeş-bezegçi gurnaklary hereket edýär. Biz merkeziň alyp barýan işleriniň netijeleri bilen gyzyklananymyzda Z.Almirowa onuň ähli görkezijiler boýunça welaýatda iň öňdäki orunda durýandygyny, ýöne esasy işiň zähmet adamlaryna ruhy lezzet bermekdigini, ynha, bu babatda hem sagbolsunlarynyň ýeterlikdigini buýsanç bilen belledi. Biz ilki bilen medeniýet ojagynyň ýolbaşçysyndan merkeze has uly mertebe getiren folklor toparynyň işleri barada gürrüň bermegini soradyk.

Dürli magdana juda baý mekanda «Magdan» adyny göterýän folklor toparyna 2002-nji ýyldan bäri Muhabat Joraýewa ýolbaşçylyk edip gelýär. Toparyň welaýat, döwlet derejesindäki baýramçylyklarda, medeni-köpçülikleýin çärelerde şowly çykyş edip gelmekliginiň esasy sebäbi, onuň halkyň kalbyna ýakyn milli ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhy bilen sazlaşykly alyp gitmekligidir. Oňa bu toparyň dürli baýramçylyklarda, dabaralarda halkymyza hödürlän «Gyz mylaýym», «Gül keteni», «Çakmak daşym – gaýrak daşym», «Araba, ýoluň nirede?», «Kilim», «Gopuz», «Alaja», «Hekgele-hekgele, dükgele-dükgele» ýaly folklor çykyşlary şaýatlyk edýär.

Bulardan başga-da toparyň üstünligi hökmünde halk döredijiliginden «Ýar-ýar», «Öleňler», «Gelin salamy», «Beşik toýy», «Bäbek toýy», «Gatlama», «Üme», şeýle hem bagtyýar zamanamyzyň nurana dünýäsini şöhlelendirýän «Ak pagtam – ak bagtym», «Täze ýyl», «Bedew», «Ýüpek – pile», «Şanly toýuň mübärek – Watan» ýaly folklor eserlerini görkezmek bolar. Tamamlanan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli akyldar şahyryň goşgulary esasynda «Altyndan biz, kümüşden biz, zerden biz, Ösüşlere guwanýarys her dem biz» diýlen ýaly şahyrana setirleri öz içine alýan «Gözelleriň waspy» atly folklor eseriniň taýýarlanmagy, häzirki wagtda hem täze Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli halkymyzyň ynsanperwerlige ýugrulan dost-doganlyk ýörelgelerini öz içine alýan täze folklor eserine girişilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlaryny ilat arasynda wagyz etmeklige folklor toparynyň agzalarynyň öz mynasyp goşantlaryny goşýandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr. Elbetde, zähmet çekseň berkarar ýurdumyzda hormatyň, sylag-sarpaň başga. 2012-nji ýylda Magdanly şäheriniň «Magdan» folklor topary Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edilýär.

Magdanly şäheriniň medeniýet merkezinde tejribeli, özüniň sungaty bilen ilat arasynda adygan medeniýet işgärleriniň kändigi, olaryň zehinli ýaşlara halypalyk etmekligi, şeýle hem çekilýän irginsiz zähmet täze sungat eserleriniň döremegine ýardam edýär. Merkezde gazanylýan üstünliklere 1976-njy ýyldan bäri işläp gelýän, aýdymçylaryň, diňleýjileriň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan onlarça aýdymy döreden kompozitor hökmünde tanalýan Kunduz Abdynazarowanyň aýratyn goşandyny ýatlap geçmeklige mynasypdyr. Elbetde, halypanyň medeniýet merkezinde sahnalaşdyrylýan her bir folklor eseriniň, döredilýän täze aýdymyň ilhalar bolmaklygy üçin berýän gymmatly maslahatlary bu ýerde sungat dünýäsine aralaşýan ýaşlar üçin mekdepdir. Şeýle hem ussat aýdymçylar Gülzar Işbaýewanyň, Roza Howşagtowanyň hem aýdym muşdaklarynyň kalbyna barýan döwrebap aýdymlaryň döretmeginde uly goşantlarynyň bardygy bellenmäge mynasypdyr.

Merkeziň medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak boýunça usulçysy Roza Ismailowanyň döwlet derejesinde geçirilen «Asyrlara ýörelge – nesillere görelde» atly bäsleşikde 1-nji orna mynasyp bolandygyny ýatlamak hem döredijilik toparynyň abraý-mertebesiniň ýokarydygyndan habar berýär. Biz hem owazy daglardan aşýan Magdanly şäher medeniýet merkeziniň döredijilik toparyna täze ilhalar eserler, sungat muşdaklarynyň hoşallyklaryny, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli beýik başlangyçlaryny wagyz etmekde uly üstünlikler arzuw edýäris.