Ï Türkmenistandan kino toparlary «48 sagatda surata düşürmeli 2024» taslamasyna gatnaşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistandan kino toparlary «48 sagatda surata düşürmeli 2024» taslamasyna gatnaşýarlar

view-icon 2140
Türkmenistandan kino toparlary «48 sagatda surata düşürmeli 2024» taslamasyna gatnaşýarlar

Merkezi Aziýa ýurtlaryndan iki ýüzden gowrak gysga metražly film «48 sagatda surata düşürmeli 2024» bäsleşigine hödürlendi.

Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň höwesjeň kinematografiýaçylarynyň arasynda geçirilýän bu bäsleşik kinoda ilkinji gezek özüni synap görýän ýaşlaryň arasynda meşhurdyr. Köp döredijilik toparlary gysga wagtda özboluşly naýbaşy kinofilmleri döretmek we taslamanyň taryhyna girmek üçin ýygnanýarlar.

Däp bolşy ýaly, oňa gatnaşyjylara bäsleşik başlamazdan 15 minut öň döredijilik tabşyrygy berilýär. Filmde ulanylmaly belli bir zat, onuň düşürilmeli ýeri we söz tabşyrykda kesgitlenilýär. Bu gezek tabşyrykda «Biz» jümle, gahrymanam mawy köýnekli gyz bolmaly. Kadrda hökmany suratda «Öý» bolmaly.

Iki günde surata düşürmeli filmiň döredijilik toparlarynyň agzalary onuň edebi esasyny düzmeli, surata düşüriljek ýeri saýlamaly, surata düşüren şekilleri montaž etmeli we taýýarlamaly, oňa ses bermeli we şulara meňzeş gaýry işleri etmeli. Özem ýaryşyň düzgünlerine girizilen ähli tehniki şertleri berjaý etmeli.

Türkmenistandan 14 film topary bu işi tamamlady. «Umyt sallançagy», «Durmuş öwrümi», «Wagt», «Weterinaryň durmuşyndan», «Sowgat», «Arzuw», «Jady däl» we beýleki filmler görkezilişe hödürlener.

Merkezi Aziýanyň «48 sagatda surata düşürmeli 2024» gysga metražly filmler bäsleşigi 9-njy gezek geçirilýär. Şu ýyl oňa jemi 755 arza berildi. Bäsleşigiň naýbaşy-48 sanawyna giren finalçylar 30-njy aprele çenli yglan ediler.