Ï Türkmen hünärmenleri üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça tälim okuwy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen hünärmenleri üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça tälim okuwy geçirildi

view-icon 2154
Türkmen hünärmenleri üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça tälim okuwy geçirildi

Şu hepde Aşgabatda tälimçiler üçin «Howanyň üýtgemeginiň täsirine uýgunlaşmagyň Türkmenistanda suw dolandyryş meýilnamalaşdyrmakda birleşmesi» atly iki günlük tälim okuwy geçirildi.

Bu çäre Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy tarapyndan durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş işini ösdürmek» taslamasynyň çäginde Ýaşyl howa gaznanyň maliýe goldawy bilen guraldy.

Tälim okuwyna 30 tälimçi gatnaşdy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Aşgabat şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň Suw hojalygy komitetiniň dürli bölümleriniň, Ylymlar akademiýasynyň işgärleri, ýokary oba hojalyk mekdepleriniň we ýörite orta agrosenagat mekdebiniň soňky ýyl talyplary, Senagatçylar we telekeçiler birleşigi, raýat jemgyýeti guramalary («Eko-Durmuş» HJ, «Tebigy Kuwwat» HJ, «Ynanç-Wepa» HJ) we başgalar bardy. Okuw kursy Döwletara utgaşdyryjy suw hojalygy komissiýasynyň Ylmy maglumat merkezi we Aral deňzini halas etmek boýunça halkara gaznanyň durnukly ösüşi üçin döwletara toparynyň ylmy maglumat merkezi bilen bilelikde taýýarlanyp, amala aşyryldy.

Geçirilen tälim okuwynyň maksady oňa gatnaşýanlaryň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, aýratynam, suw meýilnamalaşdyryş pudagyndaky başarnyklaryny ýokarlandyrmak, şeýle hem «Türkmenistanda suw hojalygy meýilnamalaşdyrylyşynda howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmagyň birleşmesi» atly okuw gollanmasynyň taslamasy bilen tanyşdyrmakdyr. Gollanma işgärleriň geljek barada garaýyş, ulgamlaýyn we strategik pikir ýörediş nukdaýnazaryndan hünär derejesini ýokarlandyrmak we suw hojalygyny meýilnamalaşdyryşda we dolandyryşda dürli uýgunlaşdyrma çärelerini iş ýüzünde ulanmak ukybyny ýokarlandyrmak üçin işlenip düzüldi.

Onda suw gorlarynda Kanuny kadalaşdyrmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, jynsy jähetler, suwdan peýdalanmagy dolandyryşyň tehniki gurallaryny öwrenmek, uýgunlaşma çärelerini maliýeleşdirmek we gözegçilik etmek, şeýle hem köp sanly mowzuk beýan edilýär. Hünärmenleriň wezipesi uýgunlaşma usullaryny we tejribelerini has netijeli durmuşa geçirmek üçin tälimçileri onuň bilen işlemäge taýýarlamakdy.