Ï Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrligindäki duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrligindäki duşuşyk

view-icon 1780
Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrligindäki duşuşyk

2024-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministri jenap O.Nazarbekowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellemek bilen, medeni-ynsanperwer ulgamda türkmen-özbek gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşler türkmen halkynyň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäginde guraljak bilelikdäki çäreler barada pikir alyşdylar. Şeýle-de, Ilçi özbek tarapyny bu şanly senä bagyşlanyp, geçiriljek baýramçylyk çäreleri bilen tanyşdyrdy.

Öz gezeginde, ministr O.Nazarbekow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny giňden bellemek hakynda Karary esasynda Özbegistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaraly çäreler barada maglumat berdi.