Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde Milli bahar baýramyna bagyşlanan halk amaly-haşam sungatynyň sergisi açyldy.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
Serginiň guramaçylary, ylmy bölümiň müdiri Maýsa Öräýewa we baş saklaýjy Mähri Atdaýewa bu temanyň açylyşyna özboluşly çemeleşipdirler. Olar özboluşly gözellik döredýän türkmen zenanynyň döredijilikli çeper elleriniň nusgasynyň baýramyny görkezdiler.

![]() |
![]() |
Sergä bezeg berýän türkmen milli el halylarynyň we gobelenleriniň köplügi aýratyn täsir döredýär. Zalyň ortasyndaky baýramçylyk tagamly desterhanda şinelän bugdaýly tabak goýlupdyr. Şineli bugdaý baharyň gelendigini alamatlandyrýar.


Muzeýden başga-da, beýleki guramalaryň: Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, «Zeýnep» we «Nagyşly güzer» modalar öýleriniň halk amaly-haşam sungatynyň eksponatlarynyň görkezilmegine gatnaşandygyny bellemek gerek. Sergä gelenler halk ýörelgeleri esasynda döwrebap nagyşlar bilen bezelen ajaýyp şaý-seplere, özboluşly keramiki gap-gaçlara haýran galyp, kaşaň zenan lybaslaryna uly gyzyklanma bilen syn etdiler.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
– Bu sergide isle keşde bolsun, haly, şaý-sepler ýa-da zenan lybaslary bolsun, geçmişiň şu gün bilen berk baglanyşygyny nygtamakçy bolduk. Türkmen gelinleriniň ozaldan gelýän toý lybaslaryna aýratyn üns berdik. Türkmen zenanlarynyň hemişe meşhur bolan el işleri biziň günlerimizde-de öz beýanyny tapýar. Sergini guramakda hut şuňa üns berdik – diýip, Maýsa Öräýewa gürrüň berýär.

![]() |
![]() |
Şeýle hem sergide milli keteni matalaryny, halylary, gobelenleri dokamak, şeýle hem türkmen keşdelerini çitmek boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi, olara sergä gelenler uly höwes bilen gatnaşdylar.













