Ï Eşretli durmuşyň kepili
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Eşretli durmuşyň kepili

view-icon 3137
Eşretli durmuşyň kepili

Döwlet emlägini gözüň göreji ýaly goramak, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý edilmegini gazanmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Onuň üçin ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri, ýangyn söndüriji enjamlaryň işleýiş usullary bilen içgin tanyşmak zerurdyr. Bu möhüm işler bilen birlikde ýangyn howpsuzlygy gullugynyň taryhy, ilkinji ýangyn söndüriji enjamlar bilen tanyşmak hem gyzyklydyr. Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminde hem şu ugra aýratyn üns berlip, bölümiň güýji bilen döredilen ýangyn tehniki merkezinden netijeli peýdalanylýar.

Bölüm tarapyndan wagyz-nesihat çäreleriniň gös-göni iş üstünde, şeýle hem ýangyn howpsuzlygy bölüminiň ýangyn tehniki merkezinde geçirilmegi, oňa gatnaşyjylaryň ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça has giň düşünje almaklaryna, şeýle hem onuň taryhy bilen içgin tanyşmaklaryna mümkinçilik berýär. Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 2021-nji ýylda täze döwrebap bina geçmekligi bilen onuň ýangyn tehniki merkezi hem täze röwşe eýe boldy. Öňden bar bolan enjamlaryň göze gelüwli edilip, doly gözden geçirilmegi, ýangyn söndürijileriň taryhyna degişli enjamlar bilen üstüniň ýetirilmegi bu ýere gelýänleriň sanynyň has artmagyna getirdi. 

Merkezde ilkinji ýangyn söndüriji toparyň ýangyn söndüriji ulag-arabasy, el bilen işledilýän suw pürküji abzallar, ilkinji aragatnaşyk serişdeleri ýaly täsin taryhy enjamlar bilen birlikde, häzirki zaman ýangyn söndüriji serişdeleri we ulaglaryň maketleri ýerleşdirilipdir. Bulardan başga-da tehniki merkezde welaýatyň iri önümçilik kärhanalarynyň desgalarynyň şekilleriniň ýerleşdirilmegi, olarda ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmekligiň düzgünlerini hut şu ýerde düşündirmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde gullugyň weteranlarynyň suratlarynyň, şeýle hem döwlet derejesindäki bäsleşiklerde gazanan ýeňişleri üçin welaýatyň ýangyn howpsuzlygy bölümine gowşurylan kuboklaryň we diplomlaryň ýerleşdirilmegi-de merkeziň täsirliligini artdyrýar.

Biziň ýangyn tehniki merkeziň işi bilen tanyşmaklyk üçin bu ýere gelen günümiz Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň merkeze gezelenji bilen gabat geldi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça ekişine badalga berilmegi bilen baglanyşykly bu okuw mekdebiniň talyplarynyň bu ýere gelip, ýangyn söndüriji serişdeler we enjamlar bilen tanyşmaklary olaryň möwsümde we geljekde alyp barjak oba hojalyk işlerinde ýangyn howpsuzlygy boýunça degişli kadalary berjaý etmeklerini üpjün eder. Merkezde Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 1-nji bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory Babanyýaz Ilamanowyň hem-de okuw nokadynyň mugallymy, içerki gullugyň uly leýtenanty Agajan Weliýewiň alyp barýan düşündiriş we wagyz-nesihat işleri-de bu ýere gelýänlerde uly täsir galdyrýar. 

Tehniki merkeziň degişli enjamlar bilen üpjün edilmeginde, onuň welaýatyň edara-kärhanalary bilen ýakyn aragatnaşyk saklamagynda we ýerlerde ýangyn howpunyň öňüni almak boýunça yzygiderli çäreleriň geçirilmeginde Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiri, içerki gullugyň podpolkownigi Kakamyrat Ataýewiň uly hyzmatynyň bardygyny ýatlap geçmek möhümdir. 

– Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bagtyýar halkymyzyň rahat durmuşyny üpjün etmek baradaky berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, döwletimiziň we raýatlarymyzyň emläklerini, gözel tebigatymyzy ýangyn howpundan ygtybarly goramak maksady bilen edara-kärhanalarda, okuw mekdeplerinde wagyz-nesihat işlerini yzygiderli alyp barýarys. Bu möhüm işde bölümiň ýangyn tehniki merkeziniň güýjünden hem doly peýdalanýarys. Geljekde hem ýangyn tehniki merkezini täze enjamlar bilen has-da baýlaşdyrmagy we täsirliligini artdyrmagy maksat edinýäris – diýip, K.Ataýew söhbetdeş bolanymyzda gürrüň berdi.