Ï Ýurdumyzda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary geçiriler

view-icon 5125
Ýurdumyzda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary geçiriler

Türkmenistan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek boýunça dabaralara taýýarlyk görýär. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň belleýşiýaly, dabarany Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirmek meýilleşdirilýär.

26-njy martda geçiriljek dabaranyň çäklerinde türki halklaryň aýdymçylarynyň konsertini, suratkeşleriniň, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisini guramak göz öňünde tutulýar.

Bu çärelere gatnaşmak üçin Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türk medeniýetiniň we mirasynyň gaznasynyň, Halkara Türk akademiýasynyň, şeýle hem TÜRKSOÝ-a agza we synçy ýurtlaryň, ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň hem-de döredijilik we ylym wekiliýetleriň ýurdumyza gelmegine garaşylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanan Meýilnama laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda dürli çäreler, şol sanda döredijilik duşuşyklary, TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwaly, «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkara çäreleriniň giň gerim bilen geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasynyň ýokary derejede geçirilmegini hem-de çärelere gatnaşmaga gelýän myhmanlarymyz üçin ähli zerur şertleriň döredilmegini üpjün etmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.