Ï «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy çalşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy çalşyldy

view-icon 6190

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Batyr Amangeldiýewiç Annaýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.


***


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Annadurdy Erkinowiç Kösäýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2024-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran 1-nji karary tassyklanyldy.


***


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Batyr Amangeldiýewiç Annaýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy wezipesine saýlamak hakynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2024-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran 2-nji karary tassyklanyldy.