Ï Türkmenistan parahatçylykly we ynanyşma esasly gepleşik medeniýetini ösdürmek ugrundaky tagallalaryny güýçlendirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan parahatçylykly we ynanyşma esasly gepleşik medeniýetini ösdürmek ugrundaky tagallalaryny güýçlendirýär

view-icon 3686
Türkmenistan parahatçylykly we ynanyşma esasly gepleşik medeniýetini ösdürmek ugrundaky tagallalaryny güýçlendirýär

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň 63-nji umumy ýygnagynda Türkmenistanyň başlangyjy we 86 ýurduň bilelikdäki awtorlygy bilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi.

Bu Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiliginde parahatçylykly we ynanyşma esasly gepleşik medeniýetini ösdürmek boýunça alyp barýan yzygiderli tagallalarynda nobatdaky ädim boldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», şeýle hem 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky öňki Kararnamalary ýaly, Türkmenistanyň täze başlangyjy-da BMG-niň ýörelgelerine we dünýä ösüşiniň wajyp hakykatlaryny hem tendensiýalaryny göz öňünde tutmak bilen halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryna esaslanýan Bütindünýä howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmäge gönükdirilendir.

Şunuň ýaly Strategiýany işläp taýýarlamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga başlamak baradaky teklip BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan wezipelerinden biridi. Bu resminamada BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda Merkezi Aziýany «Parahatlyk, ynanyşma we hyzmatdaşlyk sebiti» diýip yglan eden kararynyň ähmiýeti bellenmek bilen, Türkmenistanyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip, yglan edilmegi barada BMG-niň Baş Assambleýasyna teklip hödürlemek boýunça işini dowam etdirjekdigi mälim edildi. 

BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararyna esaslanyp, ýurdumyz ony milli we halkara derejesinde amal etmek üçin birnäçe çäre meýilleşdirýär. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hökümet derejesinde guramaçylyk toparyny döretmek we onuň mejlislerinde degişli meselelere garamak hem bu işi halkara derejesinde amala aşyrmak, şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň gatnaşmagynda duşuşyklar geçirmek ýaly teklipler öňe sürüldi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany bilelikdäki hereketler üçin ýerlik hökmünde kabul etmek ýüze çykýan ýagdaýlary parahatlykly, syýasy we diplomatik usullar hem serişdeler arkaly çözmäge, döwletler arasynda ynanyşma esasly gatnaşyklary pugtalandyrmaga niýetlenendir. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, bu resminamanyň kabul edilmegi Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, özara bähbitli, dostlukly we doganlyk gatnaşyklaryny gurmak, Ýer ýüzündäki döwletleriň arasyndaky özara ynamy berkitmek ugrundaky tagallalarynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu möhüm waka bilen ähli türkmen raýatlaryny gutlap, döwlet Baştutany bu ugurda yzygiderli işleriň geljekde-de dowam etjekdigini nygtady.