Ï Günbatar sebitdäki «Giňdere» kärhanasynyň önümlerine içerki, daşarky sarp edijileriň islegleri barha artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Günbatar sebitdäki «Giňdere» kärhanasynyň önümlerine içerki, daşarky sarp edijileriň islegleri barha artýar

view-icon 1831
Günbatar sebitdäki «Giňdere» kärhanasynyň önümlerine içerki, daşarky sarp edijileriň islegleri barha artýar

Berkarar döwletimizde kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde gazanylan guwandyryjy ösüşlere, ýetilen belent sepgitlere Diýarymyzyň sebitleriniň hususy işewürleri hem saldamly goşant goşýarlar. Munuň özi, milli ykdysadyýetde hususy pudagyň ornunyň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwlet derejesinde döredip berlen şeýle döwrebap şertlerden, hemaýat-goldawlardan netijeli peýdalanýan önümçilik düzümleriniň biri-de Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherindäki «Giňdere» hususy kärhanasydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu kärhana sekiz ýyla golaý wagt mundan ozal işe girizildi.

Häzirki wagtda kärhananyň agzybir işçileridir hünärmenleri içerki we daşarky sarp edijileriň öz önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, has-da netijeli çäreleri durmuşa geçirýärler. Olar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýup, müşderileri haryt nyşanly önümler bilen yzygiderli üpjün edip durýarlar.

Bu kärhananyň Balkanabat şäheriniň golaýyndaky önümhanasynda bolsa Diýarymyzyň çar künjeginde gurulýan dürli binalaryň gurluşygynda ulanylýan, suw we çyg geçirmezlik üçin basyrylýan goraýjy örtük, izogam öndürilýär. Onuň ýyllyk taslama kuwwatlylygy dünýäniň kämil hil ölçeglerine laýyk gelýän önümleriň 1 million inedördül metrini öndürmäge niýetlenendir. Eýran Yslam Respublikasynyň döwrebap tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilen önümhanada bäsleşige ukyply önümler öndürilýär.

Hünärmenleriň gürrüň bermegine görä, geçginli, islegli önümleri taýýarlamakda polimer we polipropilen önümlerinden ybarat bolan dokalmadyk matalar we alýumin gatlaklary hem-de bitum ulanylýar. Önümiň bu görnüşi ýerasty, ýerüsti gurluşyk işleriniň ömrüni uzaltmakda, suwdan, çygdan goramakda ählitaraplaýyn ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle-de gürrüňi edilýän hususy kärhana eksport ugurly önümleriň möçberini köpeldip, ýerli çig mallaryň esasynda olaryň görnüşlerini artdyrýar. 

 – Çig mal serişdeleriniň rejeli, ýerlikli ulanylmagy diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýan gurluşyk önümleriniň dürli görnüşini çykarmaga mümkinçilik berýär. Biziň kärhanamyzda hem önüm öndürmek üçin zerurlyk edýän çig mal serişdeleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan, şeýle-de ýerli hususy kärhanalardan alynýar. Haryt nyşany bilen öndürýän önümlerimizem içerki bazar bilen birlikde, Gazagystan, Owganystan, Özbegistan döwletlerine satuwa ugradylýar. Şu günlerde-de öndürýän önümlerimize isleg bildirýän müşderileriň sany yzygiderli artýar – diýip, «Giňdere» hususy kärhanasynyň baş inženeri Begmämmet Goýunlyýew biziň bilen gürrüňdeş bolanda aýtdy.