Ï «TASS» habarlar gullugy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«TASS» habarlar gullugy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 2824
«TASS» habarlar gullugy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň gadymy türkmen şäheri Änewiň - türk dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan edilmegine bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýanyň «TASS» habarlar gullugynyň Baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar maglumat pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlediler, esasan hem, Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy (TDH) bilen Russiýanyň «TASS» habarlar gullugynyň arasynda habar alyşmak pudagyndaky Hyzmatdaşlyk Memorandumyna esaslandylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «TASS» habarlar gullugynyň žurnalistiniň akkreditirlenmegi Türkmenistanda bolup geçýän täzelikleriň öz wagtynda şöhlelendirilmegine getirdi we bu habarlar gullugy bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm itergileriň biri boldy.

Şeýle hem, Türkmen tarapy ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we metbugat pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy we ösdürilmegi, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenen ilkinji amal etmeli işleriň biri bolup, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmak, milli habar beriş serişdeleriniň global maglumat giňişligine integrirlenmegi we ýurduň durmuşyny we döwletara gatnaşyklaryny giňişleýin beýan etmek boýunça, türkmen döwletiniň halkara abraýyny has-da belende götermäge gönükdirilen giň gerimlidigini belläp geçdi.

Taraplar habar beriş serişdeleri gulluklarynyň işini ýola goýmagyň möhümdigini ýene-de bir gezek nygtadylar we iki ýurduň ýeten sepgitleri babatynda habar alyşylmagyny goldamagy ylalaşdylar.