Ï Tokioda Türkmenistanyň EKSPO-2025 Bütindünýä sergisindäki Milli pawilýonynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tokioda Türkmenistanyň EKSPO-2025 Bütindünýä sergisindäki Milli pawilýonynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

view-icon 3446
Tokioda Türkmenistanyň EKSPO-2025 Bütindünýä sergisindäki Milli pawilýonynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

27-nji martda Tokioda geçirilen türkmen-ýapon işewürlik forumynyň üçünji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Osakada geçiriljek EKSPO-2025 Bütindünýä sergisindäki Milli pawilýonynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Milli pawilýonyň nähili boljakdygy barada düşünje berýän taslamany «Belli» HJ-niň müdiri görkezdi, sebäbi Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi bu HJ bilen pawilýona galtaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak we bu desgany işe doly taýýarlamak boýunça taslama taýýarlamak hem gurluşyk işlerini amala aşyrmak barada şertnama baglaşypdyr.

Onuň gurluşygynda ulanylan özboluşly binagärlik uslyby we ajaýyp biçüwi, ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli serişdeler Türkmenistanyň Milli pawilýonynyň Bütindünýä sergisine gelýänleri özüne çeker. Onda ýurduň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, medeni gymmatlyklary, elde dokalan haly önümleri, senagat önümleri, şeýle hem milli tagamlar we ýadygärlik sowgatlar görkeziler.

Ozal habar berlişi ýaly, Milli pawilýonyň gurluşygy üçin ýer bölegi EKSPO-2025-e gatnaşýan beýleki ýurtlaryň arasynda ilkinji bolup resmi suratda Türkmenistana berildi. EKSPO-2025-iň ýapon Guramaçylar assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Içinoki Manatsunyň sözlerine görä, Türkmenistanyň pawilýonynyň gurluşygy serginiň ähli talaplaryna laýyk bolmak bilen, meýilnama boýunça alnyp barylýar.

EKSPO-2025 Bütindünýä sergisine gatnaşmak Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, onuň dürli ugurlarda gazananlaryny dünýäde wagyz etmäge we daşary ýurtlar bilen söwda hem ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.