Ï Moskwada «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary mynasybetli konsert geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Moskwada «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary mynasybetli konsert geçiriler

view-icon 4210
Moskwada «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary mynasybetli konsert geçiriler

Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň Muzeý-sergi toplumynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň goldamagynda türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan konsert bolar.

Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» VIII halkara sungat festiwalynyň guramaçylyk komitetiniň habaryna görä, konsert programmasy Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň medeni hem-de sungat işgärleriniň gatnaşmagynda geçiriler.

Konsertde N.A.Rimskiý-Korsakowyň, E.di Kapuanyň, M.Raweliň, D.Öwezowyň, A.Pahmutowanyň, N.Halmämmedowyň, Ç.Nurymowyň, K.Wolkowyň, M.Guseýnowyň ajaýyp eserleri ýaňlanar. Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Hajy Kakalyýewiň, Ata Atajanowyň, Nikolaý Dobronrawowyň, Jowanni Kapurronyň, Andreý Dementýewiň, Şarl Bodleriň, Tristan Klingzoryň, Mihail Lermontowyň goşgularyna wokal kompozisiýalary ýerine ýetiriler.

«Gelikon-opera» teatrynyň artisti Darýa Guseýnowa kompozitor Mämmet Guseýnowyň «Magtymguly Pyragynyň monologlary» mono-operasyny ýerine ýetirer.

Soprano, wiolençel we orkestr üçin (fortepýano üçin gaýtadan işlenen) uly göwrümli wokal-instrumental eseri Magtymguly Pyragynyň ynsan ömri, ykbaly we ruhy-ahlak gözlegleri baradaky filosofik manyly goşgularyna döredilen bäş bölümden ybaratdyr.

Moskwa halkara sungat festiwalynyň art-direktory kompozitor Mämmet Guseýnowyň aýtmagyna görä, şu ýylky «Dutaryň owazy» festiwaly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar. Bu şanly sene mynasybetli beýik türkmen şahyrynyň edebi mirasyny wagyz etmäge gönükdirilen bäsleşikleriň birnäçesi geçiriler.

– Festiwalyň Guramaçylyk komitetine bäsleşige gatnaşjaklardan Magtymguly Pyragynyň goşgularyny nireden alyp bolýar diýip köp sowal gelýär. Russiýanyň Döwlet kitaphanasyndan hyzmatdaşlarymyz soňky günler Magtymguly Pyragynyň goşgularyny neşir etmek üçin sargytlaryň köpelendigini bellediler. Bu bizi begendirýän ýagdaý – diýip Mämmet Guseýnow gürrüň berýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary mynasybetli konsert Moskwada 7-nji aprelde sagat 16:00-da geçiriler.