Ï Hindistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan resmi film surata düşüriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hindistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan resmi film surata düşüriler

view-icon 5375
Hindistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan resmi film surata düşüriler

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň kinematograflary nusgawy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna birnäçe resmi film taýýarlaýarlar. Bu filmler eýýäm Özbegistanda, Azerbaýjanda, Eýranda, Türkiýede, Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Russiýanyň Astrahan oblastynda surata düşürildi.

«Türkmenfilm» kinostudiýasynyň režissýory Sahysalyh Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky döredijilik topary 7–15-nji aprel aralygynda beýik ynsanperwer şahyr barada täze bir resmi filmi surata düşürer. Geçmiş bilen häzirki döwrüň arabaglanyşygy we Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öçmejek gymmaty baradaky pikire esaslanýan döredijilik ýörelgesini, şeýle hem filmiň çeper elementleri öz içine alýan edebi ýazgysyny Rahymberdi Annagulyýew taýýarlapdyr.

Film türkmenler we olaryň beýik şahyr ogullary Magtymguly hem Beýik Mogollar imperiýasynyň hökümdary Ekberiň howandary we halypasy Baýram han bilen baglanyşykly ýerlerde surata düşüriler. Olaryň arasynda XVII asyrda türkmen esgerleriniň şanyna gurlan Nýu-Delidäki Türkmen derwezesi, şeýle hem Hindistanyň beýleki meşhur ýadygärlikleri bar.

Filme Hindistanyň Milli kitaphanasynda alnan görnüşleri, hindi uniwersitetleriniň Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenýän alymlary bilen söhbetdeşlikleri, türkmen we hindi medeniýeti bilen baglanyşykly gyzykly sahnalary-da girizmek göz öňünde tutulýar. Beýik nusgawy şahyryň Hindistany agzaýan goşgulary bolsa filmiň başdan-aýak şygyr jähegi bolar. Filmde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyraga bagyşlan setirleri 2024-nji ýylyň şygaryna öwrülen goşgusy-da ýaňlanar.