Ï Mübärek Gadyr gijesi mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda täze metjitler açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mübärek Gadyr gijesi mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda täze metjitler açyldy

view-icon 3745
Mübärek Gadyr gijesi mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda täze metjitler açyldy

Mukaddes Remezan aýynyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli ýurdumyzyň Balkanabat şäheriniň kenarýaka Hazar şäherçesinde, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň merkezinde, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçesinde we Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherçesinde täze gurlan metjitler gapylaryny giňden açdy.

Häzirki zaman şäher gurluşygynyň, binagärlik sungatynyň täze tejribeleriniň milli ýörelgeler bilen utgaşdyrylmagynda gurlan metjidiň gurluşyk işlerini ýurdumyzyň hususy kärhnalaryň işçi-hünärmenleri alyp bardylar.

Eziz Diýarymyzyň welaýatlarynyň täze açylan metjitlerinde agzybirlikde Tarawa namazlarynyň okalandygyny bellemek ýakymly. Bu bolsa agzybirligi, bütewiligi we asylly işlere bolan ygrarlylygy baş ýörelge edinýän halkymyzyň haýyr işleri uly ruhubelentlikde amal edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Mukaddes Oraza aýynda halkymyzyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan asylly ýörelgelerine giň ýol açylýar. Şunda ynsanperwerlik, haýyr-sahawat ýaly haýyr işleri baş maksat edinýän halkymyz beýik maksatlary nazarlaýar. 

Bu bolsa bagtyýar ilimiziň abadan durmuşynyň we ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň baş şertini emele getirýär we nesilleri täze belentliklere ruhlandyrýar.