Ï «Turkmenistan Media Literacy 2024» taslamasyna gatnaşyjylara şahadatnamalar gowşuryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Turkmenistan Media Literacy 2024» taslamasyna gatnaşyjylara şahadatnamalar gowşuryldy

view-icon 1472
«Turkmenistan Media Literacy 2024» taslamasyna gatnaşyjylara şahadatnamalar gowşuryldy

Aşgabatda «Turkmenistan Media Literacy 2024» maksatnamasynyň çäklerinde guralan media we maglumat taýdan sowatlylygy ýokarlandyrmak hem-de faktçeking boýunça üç günlük okuwlar tamamlandy.

Okuwa gatnaşyjylar – žurnalistika fakultetleriniň mugallymlary, KHBS-niň işgärleri we kontent döredijiler öz hünär başarnyklaryny gözden geçirdiler, internet torunda habarlary resmileşdirmegiň usullary bilen tanyşdylar hem-de faktçekingiň binýatlaýyn ýörelgelerini öwrendiler. Okuwlar MediaNet (Gazagystan) Halkara žurnalistika merkeziniň bilermenleriniň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Okuwyň netijeleri boýunça olaryň uçurymlary maksatnamanyň temasyna görä, özbaşdak hem-de toparlaýyn multimedia taslamalaryny işläp taýýarladylar. Sanly ulgam babatda sowatlylygy ösdürmek boýunça iň oňat maksatnamalaryň awtorlary taslamalary amala aşyrmak üçin grantlary aldylar. Okuwlar tamamlanandan soň, oňa gatnaşanlaryň ählisine şahadatnamalar gowşuryldy.

«Turkmenistan Media Literacy 2024» taslamasy MediaNet Halkara žurnalistika merkezi, Factcheck.kz (Gazagystan) tarapyndan ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy hem-de «Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesi» milli jemgyýetçilik birleşigi bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Taslamanyň maksady Türkmenistanda media we maglumat taýdan sowatlylyk hem-de faktçeking boýunça bilermenler jemgyýetçiligini döretmekden we ösdürmekden ybaratdyr.