Ï Zurab Sereteli sungat galereýasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Zurab Sereteli sungat galereýasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

view-icon 4659
Zurab Sereteli sungat galereýasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň Muzeý-sergi toplumynyň Zurab Sereteli sungat galereýasynda beýik söz ussady, türkmen şygryýetiniň nusgawy şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň şanly senesine bagyşlanyp konsert geçirildi.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy we Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazlary» halkara sungat festiwaly dabaraly çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdiler.

Diplomatlar, Russiýanyň medeniýet işgärleri, döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, rus ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary konsertiň myhmanlary boldular.

Türkmenistanyň RF-däki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol şu ýyl Türkmenistanyň türkmen edebiýatynyň ajaýyp nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belleýändigini, onuň hormatyna ýurduň Mejlisiniň Karary bilen 2024-nji ýylyň Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar astynda geçýändigini gürrüň berdi.

Konsertiň dowamynda diňleýjilere Aleksandra Pahmutowanyň, Eduardo Di Kapuanyň, Nikolaý Rimskiý-Korsakowyň hem-de Nury Halmämmedow, Daňatar Öwezow, Çary Nurymow ýaly meşhur türkmen kompozitorlarynyň döreden aýdymlary we sazlary hödürlenildi. Şeýle hem Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazlary» halkara sungat festiwalynyň art-direktory, kompozitor Mamed Guseýnowyň döreden eserleri ýerine ýetirildi.

Opera aýdymçysy, Moskwanyň «Gelikon-opera» sazly teatrynyň aktrisasy Darýa Guseýnowanyň hem-de M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy, aýdymçy Žanna Saýanyň ýerine ýetirmeginde aýdymlar ýaňlandy.

Şanly senä bagyşlanyp Türkmenistanyň RF-däki ilçihanasynyň howandarlygynda geçirilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly konsert Magtymguly Pyragynyň hormatyna Moskwada meýilleşdirilen çäreleriň hatarynda ilkinji waka boldy.