Ï Ýurdumyzda DÖM boýunça ýaşlar üçin okuw sapaklary başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda DÖM boýunça ýaşlar üçin okuw sapaklary başlandy

view-icon 3427
Ýurdumyzda  DÖM  boýunça ýaşlar üçin okuw sapaklary başlandy

Türkmenistanyň talyp ýaşlaryny 2030-njy ýylyň Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine çekmek üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde «TurkmenYouth4SDGs» at bilen birnäçe okuw sapaklaryna başlady.

Ilkinji okuw 2024-nji ýylyň 8-nji aprelinde BMG-niň Aşgabatdaky edara binasynda geçirildi.

Ol «Sagdyn durmuşy üpjün etmek we ähli ýaşdakylaryň hemmesiniň abadançylygyny ýokarlandyrmak» at bilen Bütindünýä saglyk gününe we DÖM 3-e bagyşlandy.

BMGÖM hünärmenleri Türkmenistanda we BMGÖM-iň Türkmenistanda saglygy goraýyş boýunça bilelikdäki taslamalarynda durmuşa geçirilýän saglygy goraýyş pudagyndaky taslamalar bilen tanyşdyrdylar.

Hususan-da, olar milli saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrylýan häzirki zaman tehnologiýalary bilen tanyşdyryldy.

2010-njy ýyldan bäri BMGÖM Türkmenistan hökümeti we ösüş hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmaga gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirýär.