Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

view-icon 1781

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Azerbaýjanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we doganlyk türkmen halkyna yslam dünýäsiniň mübärek baýramy — Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Goý, Beýik Biribar Siziň doga-dilegleriňizi öz dergähinde kabul etsin!

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky taryhy-medeni kökleriň umumylygyna, doganlyga esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesi guwandyryjydyr. Döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we hyzmatdaşlygymyzy çuňlaşdyrmak boýunça bilelikdäki tagallalarymyzy üstünlikli dowam etdirjekdigimize ynanýaryn.

Bu nurana baýram gününde Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham ALIÝEW,

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlamak we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende ägirt uly kanagatlanma döredýär.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli musulman ymmatyna bolsa bolelinlik, hoşniýetlilik, abadançylyk dileýärin.

Iň gowy arzuwlarymy, tüýs ýürekden dostlugymy we hoşallygymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Şeýh Mohammed bin Zaýed AL NAHAÝÝAN,

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Beýik Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize ähli gowulyklary, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk, bagtyýarlyk dileýärin.

Hormatlamak bilen,

Başar AL-ASAD,

Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Sizi we Siziň dostlukly halkyňyzy Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlamaga şatdyryn.

Size berk jan saglyk, üstünlik, dostlukly türkmen halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Abdul Latif RAŞID,

Yrak Respublikasynyň Prezidenti.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize doganlyk gutlaglarymy beýan edýärin.

Goý, Gudraty Güýçli Allatagala Siziň sogap işleriňizi kabul etsin, Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň doganlyk halkyna we dünýäniň ähli halklaryna abadançylyk, durnuklylyk, parahatçylyk eçilsin!

Mahmud ABBAS,

Palestina Döwletiniň Prezidenti.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlamaga şatdyryn.

Siziň Alyhezretiňize bagtyýarlyk, abadançylyk, dostlukly türkmen halkyna we ähli musulman ymmatyna rowaçlyk, rysgal-bereket arzuw edýärin.

Haýsam bin TARIK,

Omanyň Soltany.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Iordan Haşimit Patyşalygynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Size mübärek Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Size abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

ABDULLA II,

Iordaniýanyň Patyşasy.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk dileýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Hamad bin Isa AL HALIFA,

Bahreýniň Patyşasy.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende ägirt uly kanagatlanma döredýär.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, tutuş musulman ymmatyna bolsa bolelinlik, hoşniýetlilik hem-de abadançylyk dileýärin.

Iň gowy arzuwlarymy, tüýs ýürekden dostlugymy we hoşallygymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Mohammed bin Raşid AL MAKTUM,

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,

Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ägirt uly kanagatlanma bilen beýan edýärin.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, tutuş musulman ymmatyna bolsa bolelinlik, hoşniýetlilik hem-de abadançylyk dileýärin.

Iň gowy arzuwlarymy, tüýs ýürekden dostlugymy we hoşallygymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Mansur bin Zaýed AL NAHAÝÝAN,

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,

Prezidentiň iş dolandyryş ministri.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Jenap Prezident!

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, onuň işgärleriniň adyndan hem-de hut öz adymdan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Size iň gowy arzuwlarymy, tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Türkmenistana mundan beýläk-de abadançylyk we ösüş, ähli musulman ymmatyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, bereket dileýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Hisseýn Brahim TAHA,

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.

Bu nurana günde Beýik Biribardan Size, Siziň ýakynlaryňyza we Türkmenistanyň ähli halkyna bereket, abadançylyk eçilmegini dileýärin.

Husraw NOZIRI,

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mübärek Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn. Bu baýram musulmanlaryň bilelikde jemlenip, raýdaşlygyny we doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýan möhüm wagtydyr. Bu günlerde biziň kalplarymyz türki döwletleriň arasyndaky köpasyrlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak baradaky arzuwlara beslenýär.

Bu şatlykly wakany bellemek bilen, Siziň Alyhezretiňize türki dünýäniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan bimöçber goşandyňyz we biziň guramamyza berýän goldawyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňize rowaçlyk we ähli başlangyçlaryňyzda üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Kubanyçbek OMURALIÝEW,

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Tatarystanlylaryň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de ýurduňyzyň ähli halkyny ajaýyp Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Biz bu baýramy dünýäniň ähli musulmanlaryna öz ynanjyny pugtalandyrmaga we ruhuny beýgeltmäge, ýakynlaryna duýgudaşlyk bildirmäge, giň göwünli, parasatly bolmaga ýardam beren mukaddes Oraza aýynyň mübärek jemlenmesi hökmünde ruhubelentlik bilen garşy alýarys.

Goý, Beýik Biribar dünýämize ýagşylyk hem-de adalatlylyk getirýänleri, ählumumy bähbidiň hatyrasyna ýadawsyz döredýänleri mundan beýläk-de öz penasynda aman saklasyn we goldasyn!

Size, Siziň ýakynlaryňyza, Türkmenistanyň ähli halkyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, asylly işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Rustam MINNIHANOW,

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan 

Respublikasynyň Baştutany.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işiňizde üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk dileýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalary kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Siziň doganyňyz,

Faýsal bin Naser bin Hamad AL TANI,

Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy.