Ï Türkmenistanyň BMG-niň edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Aragatnaşyk ulgamynda sebitleýin arkalaşygyň Baş direktory bilen duşuşyk geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň BMG-niň edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Aragatnaşyk ulgamynda sebitleýin arkalaşygyň Baş direktory bilen duşuşyk geçirdi

view-icon 1612
Türkmenistanyň BMG-niň edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Aragatnaşyk ulgamynda sebitleýin arkalaşygyň Baş direktory bilen duşuşyk geçirdi

2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew bilen iş sapary bilen Ženewada bolan Aragatnaşyk ulgamynda sebitleýin arkalaşygyň Baş direktory Alekseý Borodiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. 

Duşuşygyň barşynda taraplar aragatnaşyk we maglumatlaşdyrmak pudagynda GDA-ny utgaşdyryjy döwletara edara hökmünde çykyş edýän, Türkmenistan bilen Aragatnaşyk ulgamynda sebitleýin arkalaşygyň arasyndaky aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Garalan meseleleriň hatarynda Türkmenistanda maglumat-kommunikasion tehnologiýalary çygrynda uly halkara çäreleri geçirmek mümkinçiligine aýratyn üns berildi.

Beýleki sebitleýin halkara guramalary öz içine almak bilen, Bütindünýä poçta bileleşigi we Halkara telekommunikasiýa bileleşigi ýaly BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynda sebitiň ýurtlarynyň ylalaşylan garaýyşlaryny ilerletmäge ýardam berýän milli derejede we halkara bileleşiginde aragatnaşyk pudagynda ileri tutulýan wezipeler we amaly ädimler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Aragatnaşyk ulgamynda sebitleýin arkalaşyk bilen Ženewa meýdançasynda bilelikde çäre geçirmegiň mümkinçiligine hem garaldy.

Şeýle hem agzalan sebitleýin düzümiň doly hukukly agzalarynyň sanyny artdyrmagyň, telekom operatorlarynyň, aragatnaşyk / internet-kommunikasion tehnologiýalary pudagynda ylmy-seljerme guramalarynyň we maglumat-kommunikasiýa pudagynda iş alyp barýan beýleki guramalaryň hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.