Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy O.Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy O.Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady

view-icon 1846

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko Kosmonawtika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Siz abraýly hünäriň eýesi bolmak bilen, umumadamzat durmuşynyň has-da gowulanmagyna getirjek häzirki zaman ylmynyň ösüşine yzygiderli goşant goşýarsyňyz” diýlip, Gahryman Arkadagymyzyň gutlag hatynda bellenilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri kosmonawta tüýs ýürekden berk jan saglyk, gujur-gaýrat, bagtyýarlyk, syrly älemiň täze giňişliklerini öwrenmekde üstünlikleri arzuw etdi.