Türkmenistandaky Adam hukuklary boýunça ygtyýarlandyrylan wekili Ý.Gurbannazarowanyň we BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetirýän Tomitsa Paowiçiň gatnaşmagynda Adalatçynyň diwanynyň taslama geňeşiniň mejlisi bolup geçdi.
Duşuşyk Adalatçynyň diwany bilen BMGÖM-iň arasynda gol çekilen resminamanyň çäginde geçirildi, bu resminama laýyklykda, «Türkmenistanyň Adalatçynyň diwanynyň edarawy mümkinçiliklerini artdyrmaga goldaw bermek» atly bilelikdäki taslamany ýerine ýetirmegiň möhleti 2024-nji ýylyň ahyryna çenli uzaldyldy.
Mejlisiň barşynda taraplaryň bilelikdäki taslamada geçen döwür üçin göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmäge dahylly meseleler we öňde duran çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bu iki guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn suratda ösüşini we ýurtda adam hukuklaryny goramak boýunça oňyn tejribäniň toplanandygyny bellediler.
Duşuşykda Adalatçynyň diwanynyň milli derejede adam hukuklaryna itergi bermek we öňe sürmek, şeýle hem adam hukuklary babatynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda iş alyp barýan garaşsyz edara hökmünde möhüm orny nygtaldy. Bilelikdäki taslamanyň çarçuwasynda esasy meseleleriň çözgüdi bilen baglanyşyklylykda Türkmenistanyň Adalatçynyň diwanyny Adam Hukuklaryny goraýan milli guramalaryň Bütindünýä Bileleşiginde akkreditasiýa etmek boýunça öňde duran çäreler, şeýle hem adam hukuklary boýunça milli guramalaryň ygtybarlylygyna, garaşsyzlygyna we netijeliligine baha bermäge mümkinçilik bilen üpjün edýän halkara ülňüler toplumy bolan Pariž ýörelgelerine laýyklykda, bu edaranyň edarawy mümkinçiliklerini has-da güýçlendirmäge mundan beýläk-de kömek etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Adalatçynyň diwanynyň BMGÖM we beýleki esasy hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň adam hukuklary babatynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ýardam etmäge niýetlenendir.