ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor 11-nji aprelde bolup geçen «Parahatçylygy ilerletmek: Ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek boýunça strategiýalary durmuşa geçirmek» atly maslahatda eden çykyşynda: «ÝHHG Türkmenistanyň Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň mirasyny ebedileşdirmek ugrundaky tagallalaryny goldaýar, çünki onuň döredijiliginde ÝHHG-niň we Türkmenistanyň ileri tutýan ýörelgeleri bolan ynsanperwerlik, parahatlyk, düşünişmek we hoşniýetli goňşuçylyk beýan edilipdir» diýdi.
Çykyşda bellenilişi ýaly, parahatlygy we hyzmatdaşlygy berkitmek, döwletler arasynda ynanyşma esasly gepleşikleri öňe sürmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň çäginde Türkmenistan we ÝHHG Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenýän ýylda akyldar şahyryň mirasyny dünýä ýaýmak boýunça zerur çäreleri gördüler. Bu bolsa türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy toýy diňe bir dünýäniň köp ýurdunda däl, eýsem, onuň döredijiliginiň umumadamzat üçin medeni we ynsanperwerlik gymmatlyklaryny ykrar edýän iri halkara guramalar tarapyndan-da giňden bellenýändiginiň ýene bir mysalydyr.
Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň maý aýynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysyny «Dünýä hatyrasy» atly halkara sanawa goşmak barada karar kabul etdi. Akyldar şahyryň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram edilmegi 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenmeli şanly seneleriň sanawyna goşuldy.
Türki medeniýetiň halkara guramasy 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», diýip yglan etdi we onuň döredijilik mirasyny öwrenmäge hem dünýä ýaýmaga gönükdirilen birnäçe işi meýilleşdirdi.
Türkiýäniň Parlament assambleýasynyň, Halkara türk akademiýasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, şeýle hem Halkara türk medeniýeti we mirasy gaznasynyň gatnaşmagynda şu ýylyň başynda geçen Türki Döwletleriň Guramasynyň utgaşdyryjy komitetiniň dördünji mejlisinde çykyş etmek bilen, TÜRKSOÝ-nyň başlygy duşuşyga gelen her bir guramany Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýylynda geçiriljek dürli çärelere gatnaşmaga çagyrdy.