Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

view-icon 1331

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň ähli halkyny nurana Oraza baýramy bilen gutlamaga şatdyryn. Bu baýram agyz beklenip, doga-dilegler edilip, ruhy kämillige ymtylmagy alamatlandyrýan mukaddes Remezan aýynyň ajaýyp jemlenmesidir.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk dileýärin.

Seýed Ebrahim Raisi,

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.


* * * 


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Ähli musulman ymmaty üçin has parahat hem-de abadan geljegi döretmek boýunça bilelikdäki tagallalarymyzyň rowaçlyklara beslenmegini Beýik Biribardan dileýärin.

Size we Siziň ýakynlaryňyza bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Abdel Fattah AL-SISI,

Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.


* * * 


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi mukaddes Oraza baýramy mynasybetli gutlaýaryn.

Hindistanyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan Size we Türkmenistanyň halkyna mukaddes baýram mynasybetli mähirli gutlaglarymy beýan edýärin.

Hindistanyň yslam dinine uýýan 200 milliondan gowrak raýaty bir aýyň dowamynda dünýädäki beýleki musulman doganlaryna goşulyşyp, adamlaryň arasyndaky dost-doganlygyň rowaçlanmagy barada doga-dileg etdiler.

Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw edýärin. Goý, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar has-da pugtalandyrylsyn!

Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Narendra MODI,

Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri.


* * * 


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi musulman ymmatynyň beýik baýramy — Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Oraza baýramy halklary parahatçylyga, ylalaşyklylyga, rehim-şepagatlylyga, özara hormat goýmaga çagyrýan mukaddes baýramdyr.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Olžas BEKTENOW,

Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri.