2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde Astrahan oblastynyň administrasiýasynyň binasynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsuly (Astrahan ş.) G.Ilamanow bilen Astrahan oblastynyň gubernatory I.Babuşkiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Konsul gubernatora Konsullyk ekzekwaturasynyň nusgasyny gowşurdy. Gubernator konsula türkmen-rus gatnaşyklaryny has-da ösmegiň bähbidine täze diplomatik wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.
Söhbetdeşligiň barşynda Igor Babuşkin Türkmenistanyň Astrahan oblastynyň esasy daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň biridigini, ýurt bilen diňe bir ýakyn söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy däl, eýsem mäkäm dostluk gatnaşyklarynyň hem ýola goýulandygyny nygtady.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler.