Ï Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy

view-icon 3597
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy

Hormatly adamlar!

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Şu gün biz Garaşsyz Watanymyzyň durmuşynda nobatdaky möhüm wakalaryň şaýady bolýarys. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşýarys.

Şeýle hem şu gün Mary welaýatynyň Mary şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, 2 gatly 59 sany ýaşaýyş jaýyndan ybarat toplum dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler. Welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze, döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-e golaýy hem sowgat hökmünde gowşurylar.

Hormatly adamlar!

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Men siziň ähliňizi bu şatlykly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly adamlar!

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz Watanymyzda taryhy özgertmeler giňden rowaçlanýar. Şu gün ýurdumyzyň ýolgurluşyk pudagynyň şöhratly taryhynyň sahypalaryna ýatdan çykmajak wakalaryň biri hökmünde ýazylar.

Hormatly adamlar!

Bilşiňiz ýaly, 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Bu gün bolsa awtobanyň ikinji tapgyrynyň, ýagny Tejen — Mary böleginiň gurluşygy doly tamamlanyp, ulanmaga berilýär. Täze ýoluň ugrunda ençeme döwrebap desgalar bina edildi. Ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli amatly şertler döredildi. Bu iri taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ata-babalarymyzyň ýol, köpri gurmak ýaly sogap işleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezýär.

Hormatly adamlar!

Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýurdumyzyň döwrebap ulag geçelgelerini birleşdirmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmakda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ähmiýeti hem örän uludyr. Umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan bu awtomobil ýolunyň gurulmagy gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan döwrebap görnüşde dikeldilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

Ýurdumyzyň Ahal we Mary welaýatlarynyň çäginden geçip, paýtagtymyz Aşgabady Lebap welaýaty bilen birleşdirjek Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly uzak aralygy gysga wagtda geçmäge mümkinçilik berer. Ýolagçylaryň we ýükleriň bökdençsiz gatnawyny üpjün eder. Ýoluň gurluşygynyň doly tamamlanmagy Türkmenistanyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga şert döreder. Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň döwrebap kämilleşdirilmegi milli ykdysadyýetimiziň ösmegine uly itergi berer.

Hormatly adamlar!

Türkmenistan döwletimiziň dünýä yklymlarynyň çatrygynda örän amatly ýerde ýerleşmegi halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmäge, ýurdumyzyň ulag ulgamynyň dünýäniň ulag ulgamyna goşulyşmagyna, hyzmatdaş ýurtlar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär. Biz geljekde-de Diýarymyzda awtomobil ýollarynyň gurulmagy, döwrebaplaşdyrylmagy, halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi boýunça netijeli işleri dowam etdireris.

Hormatly adamlar!

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Berkarar döwletimizde ynsan saglygyny goramaga, keselleriň öňüni almaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýäris. Saglygy goraýyş ulgamyna döwrüň iň kämil lukmançylyk enjamlaryny hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrýarys. Şu gün Mary şäherinde açylyp ulanmaga berilýän Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi hem bu ugurda amala aşyrýan işlerimiziň aýdyň beýanydyr. Bu döwrebap saglygy goraýyş merkezinde enäniň we çaganyň saglygyny berkitmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Ilatyň saglygyny goramakda esasy merkezleriň birine öwrüljek döwrebap merkez uzak ýyllaryň dowamynda halkymyza hyzmat eder.

Hormatly adamlar!

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Biz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak barada hem yzygiderli alada edýäris. Ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurup, ulanmaga berýäris. Mary welaýatynyň Mary şäherinde bina edilen 2 gatly 59 sany ýaşaýyş jaýynda ýaşamak üçin ähli zerur şertler döredilen. Biz raýatlarymyzyň durmuş şertlerini, ýaşaýyş jaý bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak ugrunda alyp barýan işlerimizi geljekde hem dowam etdireris.

Hormatly adamlar!

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň, Mary şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi, şeýle hem Mary welaýatynyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň sowgat hökmünde gowşurylmagy bilen Siziň ähliňizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

(2024-nji ýylyň 17-nji apreli)