Ï TRACECA Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TRACECA Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 2494
TRACECA Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň TRACECA Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we Hökümetara komissiýanyň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini döretmekde we giňeltmekde Türkmenistanyň işjeň orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen TRACECA-nyň degişli resminamalaryny bilelikde durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge türkmen tarapynyň taýýardygy nygtaldy.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň 2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Ýewropa, Gara we Hazar deňizleri, Kawkaz we Aziýa sebitlerinde ykdysady gatnaşyklary, söwda we ulag baglanyşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen Ýewropa - Kawkaz - Aziýa halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulandygy bellenildi.

Taraplar Türkmenistanyň ulag ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleri geçirmegi dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.