2024-nji ýylyň 15 — 19-njy aprelinde Aşgabatda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylar, şeýle hem oňa (mundan beýläk maslahat) gatnaşan ulag-logistika kompaniýalarynyň — OSJD-ä goşulyşan kärhanalaryň wekilleri aşakdakylar barada beýan etdiler:
Maslahatyň dowamynda halkara demir ýol daşamalary ulgamyndaky meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy we halkara demir ýol daşamalaryny, ilkinji nobatda, Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky gatnawlarda demir ýol arkaly daşamalary mundan beýläk-de ösdürmegiň, bu ugurda ylalaşykly ulag syýasatyny kemala getirmegiň, halkara demir ýol ulagynda kadalaşdyryjy halkara hukuk şertnamalaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy.
Maslahata gatnaşyjylar demir ýol ulagynyň ykdysady, maglumat, ylmy-tehniki we ekologik ugurlary bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça OSJD-ä agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň, ulagyň beýleki görnüşlerine görä, demir ýol ulagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak babatda çäreleri işläp taýýarlamagyň, demir ýollary ulanmak we halkara demir ýol arkaly daşamalary has-da ösdürmek bilen bagly tehniki meseleleri çözmekde, şeýle hem demir ýol ulagynyň meseleleri bilen meşgullanýan beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny bellediler.
Maslahata gatnaşyjylar BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan multimodal üstaşyr geçelgeleri döretmäge ýardam bermek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmek ulgamynda Kararnamalaryň kabul edilmeginde Türkmenistanyň başlangyçlaryny we tagallalaryny, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähmiýetini nygtadylar.
Şeýle hem halkara ulag geçelgeleriniň strategik taýdan möhüm we amatly çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden toplumlaýyn peýdalanmak boýunça edilýän tagallalary bellediler. Şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin ulagyň, halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, ýokary derejeli halkara çäreleriň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.
Maslahatyň işiniň jemleri boýunça ýolagçy we ýük daşamalary, infrastruktura, hereket edýän düzüm, kodlaşdyrmak we maglumat, maliýe, demir ýol arkaly halkara ýolagçy we ýük daşamalary üçin hasaplaşyklar, şeýle hem demir ýol arkaly daşamalar ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak, bilim bermek ulgamlarynda ähmiýetli çözgütler kabul edildi.
Maslahata gatnaşyjylar myhmansöýerlik we mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyklaryny beýan etdiler.
Türkmenistan, Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 19-njy apreli.