Ï Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Paýhas tohumy: beýik akyllardan sapaklar» atly bäsleşik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Paýhas tohumy: beýik akyllardan sapaklar» atly bäsleşik

view-icon 2078
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Paýhas tohumy: beýik akyllardan sapaklar» atly bäsleşik

Moskwada Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly VIII halkara sungat festiwalynyň guramaçylyk komiteti tarapyndan beýik türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen «Paýhas tohumy: beýik akyllardan sapaklar» atly bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar kabul edilip başlandy.

Bäsleşigiň maksady nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň ömri hem döredijiliginiň mysalynda dürli halklaryň edebiýat we sungat döredijiliginiň belentliklerine çykarmak meselesini çözmek işine orta we ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny çekmekdir.

Arzalar 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli kabul edilýär, bäsleşigiň netijeleri 2024-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda, «Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny» atly halkara ylmy we amaly maslahat geçirilýän wagtynda, Russiýanyň Döwlet kitaphanasyndaky Paşkowyň öýünde, nota neşirleri we ses ýazgylary bölüminiň konsert zalynda yglan ediler.

Bäsleşige şu ugurlar boýunça wideoşekiller ýa-da çykyşlar hödürlenýär: Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde saz we şygryýet, Magtymguly Pyragynyň filosofiýasy we magaryf işi, häzirki zaman sungatynda Magtymguly Pyragynyň keşbi, Magtymguly Pyragy we A.Tarkowskiý.

Işlere baha berlende, bäsleşigiň komissiýasy şu ülňülere esaslanýar: mazmunlylygy, taryhy ygtybarlylygy, bezeg işleriniň owadanlygy, beýan edilişiniň özboluşlylygy we awtorlyk işleriniň ulanylmagy.

Netijeler Moskwada Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» festiwalynyň saýtynda, doly maglumatlar bolsa bäsleşigiň: sahypasynda neşir edilýär.