Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat

view-icon 1701

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, gadyrly doganym!

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Beýik Allatagaladan doganlyk türkmen halkyna, ähli musulman ymmatyna parahatçylyk, rowaçlyk dileýärin.

Pursatdan peýdalanyp, halklarymyzyň bähbidine ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin bilelikdäki işe taýýardygymyzy ýene-de bir gezek tassyklamak isleýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, gadyrly doganym, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Abdelmajid Tebbun,

Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti.