Ï Höwesjeň hünärmenleriň döredijilik duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Höwesjeň hünärmenleriň döredijilik duşuşygy

view-icon 3807
Höwesjeň hünärmenleriň döredijilik duşuşygy
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Paýtagtymyzda Türkmenistandaky Fransiýanyň ilçihanasynyň ýanyndaky Fransiýa institutynda «Goşmaça bezeg» («Дизайн плюс») döredijilik toparynyň nobatdaky duşuşygy bolup geçdi. Şenbe güni, eýýäm durmuşa geçirilen bu gowy däbe görä, institutda ussatlaryň dördüsi önümleriniň sergisine gatnaşdy.

Soňky duşuşykda Olga Halatur, Irina Kirillowa, Jahan Ataýewa we Larisa Fomina öz täze işlerini görkezdiler.

Tejenli ussat gyz Olga Halatur bezeg paýetkalaryny, daşlaryny we çüýşe turbajyklary ulanmak bilen, esasan, gülýaka, gulaksyrga, bilezik ýasaýar. Onda guşlary, balyklary, gülleri, hatda, aždarhalary ýatladyp duran şaý-sepleriň dürli görnüşleri bar. Olaryň ýerligi – fetr we mahmal. Bezeg elementleri şolaryň ýüzüne çatylýar.

Irina Kirillowa öz döredijilik ýoluna gurama işinden başlapdyr. Onuň dürli hokgalaryň, çüýşeleriň, şelpeleriň we gapyrjaklaryň bezegine öz garaýşy we özboluşly döredijilikli çemeleşmesi bar. Ol köplenç, öz işlerinde melekleriň şekillerini ýasaýar. Iki ýyl mundan öň Irina pamykdan täze ýyl oýunjaklaryny ýasamakda öz ukybyny barlap gördi, bu iş ony özüne çekdi. Döredijilik duşuşygynda ussat gyz ýasan dürli-dürli zatlaryny görkezdi. Pamykdan ýasalan oýunjakdyr heýkeljikler, myhmanlaryň we ussalaryň ünsüni aýratyn özüne çekdi.

Jahan Ataýewa jorap usulynda ýasalan gurjaklardyr sowgatlary görkezdi. Ussat gyzyň belleýşi ýaly, ol hemme zatdan beter gurjak ýasamagy halaýar. Sebäbi her gurjagyň öz keşbi we häsiýeti ýüze çykýar.

Larisa Fomina ussatlaryň döredijilik duşuşygy üçin ençeme surat taýýarlapdyr. Ol bu suratlarda tebigat gözelligini we türkmen bedewleriniň aýratynlygyny beýan etmäge çalşypdyr. Çagalykdan surat çekmek bilen meşgullanýan bu gyz wagtynyň köpüsini molbertiň öňünde geçirýär. Emma şekillendiriş sungaty Larisanyň ýeke-täk gyzyklanýan zady däl. Ol ýörite ussatlaryň döredijilik duşuşygy üçin ýelmelip ýasalan gülýakalaryň ençemesini taýýarlapdyr. Bu zatlaryň ikinji gezek gaýtadan işlenen çig maldan papýe-maşe usulynda ýasalmagy bellemäge mynasypdyr.

Döredijilik duşuşygyna beýleki ussatlar, gurjakçylar, suratkeşler-de gelip gördüler. Döredijilikli adamlar mähirli ýagdaýda birek-birek bilen tejribe alyşdylar, maslahat berdiler we gyzykly gürrüňler etdiler. Döredijilik duşuşygyny indiki şenbe güni başga ussatlar dowam etdirerler.

«Goşmaça bezeg» toparynyň ýolbaşçysy Täjigül Gurbanowa zehinli adamlaryň döredijiligine biperwaý garamaýar.

– Biziň çeper elli gyzlarymyz öz döredijiliklerine dürlüçe çemeleşýärler – diýip, ol gürrüň berýär. – Bu iş olaryň käbirlerini güýmenje derejesinde kanagatlandyrýar, başga birleri bolsa şol güýmenjäni telekeçilik işine öwürmek isleýär. Men zehinli adamlary ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gözleýärin, olara döredijilik usullary, şeýle hem biznes döretmek boýunça maslahat berýärin. Höwesli adamlar üçin döredijilik duşuşyklarynda ýüze çykýan özara gatnaşygyň uly ähmiýeti bardyr.