Ï Görnükli halypa diplomatyň hormatyna dabaraly çäre
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Görnükli halypa diplomatyň hormatyna dabaraly çäre

view-icon 3564

2024-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowanyň 70 ýaş toýy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Rejep Bazarow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Çäräniň barşynda gatnaşyjylar Ç.Rustemowanyň uzak ýyllaryň dowamynda ak ýürekli, yhlasly we halal zähmet çekip, ussat diplomat hökmünde Watanymyzyň gülläp ösmegine, ýurdumyz bilen beýleki döwletleriň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, Türkmenistanyň bütin dünýäde abraýynyň has-da artmagyna mynasyp goşant goşup gelýändigini bellediler.

Dabaranyň ahyrynda diplomata Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň adyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.