Ï «Biz – Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Biz – Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigi

view-icon 1613
«Biz – Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigi

Çagalarda watançylyk duýgusyny terbiýelemek, olary döredijilik bilen meşgullanmaga höweslendirmek, olaryň çeper zehinini ösdürmek we dünýägaraýşyny giňeltmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigi yglan edilýär.

«Biz – Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» bäsleşigine ýurdumyzyň on dört ýaşy dolmadyk çagalary gatnaşyp bilerler, munuň üçin olar bir iş tabşyrmalydyr. Bäsleşige Watana, ene topraga, maşgala esaslaryna, ajaýyp tebigata, milli mirasa bolan söýgini görkezýän, sergi üçin niýetlenip, ozal bäsleşikde sergilenmedik asyl işler 30x40 sm ölçegli çarçuwada hödürlenip bilner. Emin agzalary bäsleşige gatnaşýanlaryň çeken suratlaryna olaryň çeperçiligi, hili, manysy we özboluşlylygy boýunça baha berýärler.

Bäsleşik iki tapgyrda geçiriler: birinji tapgyrda ýurdumyzyň welýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden hödürlenen bäsleşik işlerine ýerli guramaçylyk toparlary tarapyndan garalar. Olar jemleýji tapgyra gatnaşmak üçin 50 işi saýlarlar. Bu işler awtorlary baradaky şahsy maglumatlar bilen birlikde, 2024-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine iberiler.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden hödürlenen elli işiň awtorlarynyň arasyndan bäş-bäşden zehinli çagalar saýlanar. Jemleýji tapgyra gatnaşýanlar emin agzalary tarapyndan kesgitlenen wagtda teklip edilýän dört tema boýunça iş taýýarlamaly bolarlar.

Bäsleşigiň netijeleri baradaky karar emin agzalarynyň beren sesleriniň sany boýunça kabul edilmek bilen, welaýatlaryň her birinden, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden gatnaşan çagalaryň arasynda I, II we III orunlar kesgitlener. Bäsleşigiň netijelerini yglan etmek we bäsleşigiň ýeňijilerini hem oňa gatnaşanlary sylaglamak dabarasy 2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda Halkara çagalar güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň çäginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde geçiriler.

Bäsleşigiň geçiriliş düzgüniniň jikme-jiklikleri yashlar.gov.tm saýtynda berlendir.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 44-88-55; 44-89-99.